«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi ýene bir uly baýragyň eýesi boldy
«Çalsana, bagşy!» atly aýdym-saz bäsleşiginiň 2023-nji ýylda döwlet tapgyrynyň
ýeňijisi Kerim Annagulyýew ýene bir bir abraýly baýragyň eýesi boldy. Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň müdiri bolup işleýän bagşy ýigit Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanyldy.
Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda aýdym-saz sungatynyň wekilleri başga-da bar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu baýraga lebaply ýaşlaryň 9-sy mynasyp boldy.