«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna deslapky gözden geçirilişiklerde öňe saýlanan bagşylar we sazandalar gatnaşdylar. Bäsleşikde milli aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň ikisi bagşyçylyk ugrundan, ikisi hem sazandalyk ugrundan ýeňiji diýlip yglan edildi.
Olardan bagşylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan Akjemal Halmyradowa, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Esen Atamyradow, sazandalardan bolsa Türkmenabat şäher medeniýet öýüniň sazandasy Mekan Jumageldiýew we welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Mergen Astanow dagy ýeňiji boldular.