Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde 18 — 34 ýaş aralygyndaky dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda tapawutlanan ýaş bagşy-sazandalaryň 20-si gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, ilki bilen, sazandalar dutarda saz çalmak boýunça bäsleşdiler. Soňra ýaş bagşylara nobat berildi. Bäsleşigiň dutarda saz çalmak ugry boýunça Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow hem-de Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Orazmyrat Rajapow, bagşyçylyk sungaty boýunça welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Aýnazar Amanow hem-de Örejemal Nepesowa ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

17
Jun