BIZE YAZYARLAR

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Аrkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet we sungat ulagymyny ýokary derejede ösdürmäge, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ähmiýetli orun berilýär. Dutar-türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy, genji- hazynasydyr. Dutar aýdym saz sungatynda halk ussatlarynyň, sazanda bagşylaryň kesbinde giň orna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO tarapyndan dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigi halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Türkmenabat şäheriniň gözelligine görk goşýan “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Lebap welaýatynyň etrap we şäher tapgyrlarynda zehinlilikde öňe saýlanan, has tapawutlanan şirin owazly bagşylar we ussat sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirijileriň çalan sazlaryna we ussatlarça ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlaryna ýurt derejesindäki belli meşhur halypa bagşy-sazandalar ýagny emin agzalar baha berdiler. Bäsleşigiň dowamynda dutarçy sazandalar “Döwletýar gyrk”, “Ýusup Owgan”, “Gökdepe mukamy”, “Dag arman”, “Hajy golak” ýaly belli türkmen halk sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirdiler. Bagşylar bolsa “Agaçdandyr”, “Demir donly”, “Ýar senden”, “Hawarlaşaly”, “Gaýt indi”, “Ýene gel indi” ýaly türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny aýdyň görkezdiler.

Şeýlelikde ýaş zehinli bagşy-sazandalaryň içinden adalatly emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ukyp-başarnygy we beýik ussatlarça ýerine ýetirijiligi bilen dutarçy sazandalaryň arasyndan 2-si, Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň sazandasy Mekan Jumageldiýew bilen Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy Mergen Asdanow, şeýle-de mahmal owazly bagşylaryň 2-si Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akjemal Halmyradowa bilen Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Esen Atmuradow dagylar “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu dabara meşhur bagşy- sazandalar, aýdymçylar, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-sazyň muşdaklary medeniýet-sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak, olary höweslendirmekdedir.

Döwletimiziň geljegi ylym-bilimli, dünýä bilen aýakdaş gitmegi başarýan giň dünýägaraýyşly ýaşlara baglydyr. Ýurdumyzyň baý medeni mirasyny, sungatyny, medeniýetini öwrenip, kämilleşdirip dünýä ýüzüne ýaýmaklyk üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň

mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan Serdarowna