JEMGYÝET

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan bagşylar we sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşikde ýerine ýetirijileriň çalan sazlaryna we aýdymlaryna ýurt derejesindäki meşhur halypa bagşy-sazandalar baha berdiler.

Sazandalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gunça Ziýatdinowa bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Hoşyýewe taý tapylmady. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan Akjemal Halmyradowa bilen saýatly medeniýet işgäri Kerim Annagulyýew bolsa bagşylaryň arasynda bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda gündogar sebite wekilçilik ederler.