«Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi
Welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde yglan eden «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär..
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde geçirilýän bäsleşigiň deslapky tapgyryna her etrap-şäherden zehinli ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar.
Oňa gatnaşýan sazandalar ýekelikde türkmen halk sazlaryny çalmakda, şirin owazly bagşylar bolsa, türkmen halk aýdymyny ýa-da mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny aýtmakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede birinji orna mynasyp bolan bagşy-sazandalar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.