BIZE YAZYARLAR

Çäge we kremniý

Göbek ganyň daman ojagymyň, önüp-ösen Watanymyň, onuň mähri gözüme hemişe yssy görünýär. Şol ýollaryň tarypy müň dessana sygmaýar. Gyz göwni ýaly sähelçejik ynjasa-da gozgalaň tapyp, tozgalaryny tozadyşyp oturan çopantelpekler, jümjümeler, ajaýyp adamlar ömrümiziň manysyny artdyrýan ýaly göwnümizi göterýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň 80 göterimi çöllükdir. Garagum çöli türkmen üçin bahasyz hazyna.  Ylaýta-da ak çägäniň peýdasy barmak büküp sanardan kän.

Çölüň ak çägesiniň düzüminiň 88 göterimini kremniň tutýar. Arassa kremniniň dünýä bazaryndaky  2 kilogramynyň bahasyna orta ululykdaky traktory satyn alyp bolýar.

Emeli ýollar bilen alnan arassa kremniniň gün şöhleleriiň energiýalaryny elektrik energiýasyna öwürýän ýarym geçiriji hökmünde ulanylýar.

Biziň Diýarymyzda güneşli günler köp bolýar. Şonuň üçin çölde ýaşaýan çarwalaryň öýlerini ak çägeden alnan kremniniň plastinkalary bilen ýapylanda berk we uzak wagtlaýyn durýar.

Häzirki wagtda bütin dünýäniň halk hojalygyna kompýuter tilsimatlary tizlik bilen ornaşýar. Bu tehnikalar 97 göterimini kremniý tutýan aram geçirijilerden ýasalýar.

Kremni ýetmezçilik eden wagty adamyň saçy düşýär, gan damarlary gatap, bedende gan aýlanyşygy bozulýar. Adam bedenindäki kremniý ýetmezçiligi aradan aýrylsa, derileriň ýygyrt atmazlygyna, ýaşyň uzalmagyna oňaýly täsir edýär.

Häzirki wagtda kremnini talap edýän ösen tehnologiýaly kärhanalaryň hatary artýar. Ylaýta-da öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi bilen kremnä bolan talaplar artýar. Dünýäniň ösen döwletleri kremnini satyn almag isleg bildirýärler.

Rahat Kadyrowa,

Çärjew etrabyndaky 12-nji orta  mekdebiň geografiýa mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: