Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy, innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak barada bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler goýuldy. Şol sanda mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Çagalar bakja-bagymyzda öz işine ussat terbiýeçilerimiz çagalaryň işjeňligini gazanýarlar. Türkmen halk ertekileriniň we çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň üsti bilen hereketli oýunlar, bedenterbiýe maşklary çagalarda aýratyn täsir galdyrýar. Olar çagalar bilen guraýan sapaklarynda erteki gahrymanlarynyň, görkezme esbaplarynyň, multimedia tagtasyndaky slaýd şekilleriniň üsti bilen halal zähmet çekmek, dostluk, bagtyýar çagalyk barada düşünjeleri yzygiderli öwredýärler. Şeýle-de çagalar bilen daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, bedenterbiýe, aýdym-saz sapaklary hem meýilnama esasynda guralýar. Guralýan sapaklardan daşary gurjak oýunlarynyň üsti bilen hem çagalaryň sözleýiş, gürrüň bermek, pikirlenmek ukyplary kämilleşdirilýär.
Çagalar bakja-bagymyzda sapakdan daşary gurnak we döredijilik işlerine aýratyn üns berilýär. Körpejeleriň aýdym-saza bolan gyzyklanmalary artdyrylyp, döredijilige ugrukdyrylýar. Mahlasy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem çagalara sowat-terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekmek ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Rozjan DURDYÝEWA,
Farap etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

