Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän ,,Bagtyýarlyk “çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu möwsümiň gelmegi bilen, ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş günleri has-da şowhuna beslenýär. Möwsümiň dowamynda çagalar Lebap welaýaynyň Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýimize geldiler.Çagalar muzeýde
Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň frontda we tylda görkezen edermenligini,
merdanalygyny, halkymyzyň belent ruha, watançylyk duýgusyna ýugrulan gahrymançylygyny beýan edýän gymmatly we köptaraplaýyn muzeý gymmatlyklaryna tomaşa etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir,ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şonuň üçinde biz täze taryhy döwürde merdana halkymyzyň berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklary baradaky, Watanymyzy, il-günümizi ýüregi bilen söýýän nesilleri terbiýelemekdäki milli däplerini mynasyp dowam etdirip, halkara kadalara esaslanýan, durmuşa gönükdürlen syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys.
Paýtagtymyzda welaýatlarymyzda gurulup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl saýyn artýar. Munuň özi Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri barada alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýaş nesiller hakynda edýän aladalary üçin arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdylýar.
Şeker BATYROWA,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.



