BIZE YAZYARLAR

Çagalaryň saglygy ⸺ ilkinji zerurlyk

Çagalaryň saglygyny goramak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup, munda, ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ilkinji zerurlyk bolup durýar. Munuň üçin gündelik arassaçylyk düzgünlerine gözegçilik etmek ulularyň paýyna düşýär. Ýagny ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, dişleri arassa we aýap saklamak, sowuk içgilerden daşda durmak, pasyllara görä geýinmek ýaly düzgünleri hem öwredip durmak olaryň saglygyny goramaga netijeli bolýar. Çünki bu düzgünler kadaly edilmedik ýagdaýynda, dürli möwsümleýin keselleriň döremek töwekgelçiligi artykmaç bolup, olaryň saglygyna zyýan ýetirip bilýär.
Möwsümleýin keseller beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, şeýle-de ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Üsgülewük, ysgynsyzlyk, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, dem almagyň kynlaşmagy ýiti respirator wirusly ýokançlaryň we ýiti respirator keselleriň islendik görnüşini güman etmäge esas berýär.
Kesel çagalara köpçülikleýin ýerlerde näsag adam asgyranda, üsgürende, şeýle-de oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, gapynyň tutawajynyň, ulanýan okuw esbaplarynyň üsti bilen geçip bilýär. Çagalarda ýüzüni, agzyny, burnuny ellemek endigi bolýar, netijede kesel çalt ýokuşýar. Şol sebäpden çagalarda şahsy arassaçylyk düzgüni berjaý etmek zerurlykdyr. Eger-de, möwsümleýin keseller dörändir diýlip güman edilende wagt ýitirmän maşgala lukmanyna ýüz tutmak hökmandyr. Çagalary kesellerden goramak, olarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegini gazanmak, olaryň saglygyny goramakdyr. Sagdyn nesil biziň sagdyn geljegimizdir.

Meretgül HUDAÝBERENOWA,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň kiçi ýaşly çagalar bölüminiň lukmany