Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 516-njy ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgäri welaýat neşirinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin terbiýeçilerdir mugallymlaryň degişli düzgünleri bilmäge we olary doly berjaý etmäge borçludyklaryny ýatlatdy.
Bellenilişi ýaly, ýangyn dörän halatynda çagalary we maddy gymmatlyklary halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasyny işläp düzmeli hem-de onda her bir işgäriň berjaý etmeli borç — wezipelerini görkezmeli.
Merkezleriň binadyr desgalarynyň ätiýaçlyk çykalgalary gulplanman, mydama açyk ýagdaýda saklanmalydyr. Munuň özi ýangyn dörände çagalary tiz wagtyň içinde howply çäklerden çykarmaga uly ýardam eder.
Merkezleriň köp gatly jaýlarynda kiçi ýaşly çagalar birinji gatda ýerleşdirilmeli hem-de olary zerur bolan ilkinji ýangyn söndüriji, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmeli. Daşarky ýangyna garşy merdiwanlar elmydama abat ýagdaýda saklanmaly. Ýangyna garşy içerki suw çeşmeleri elmydama düzüw, iş
ýagdaýlarynda bolmaly. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde umumy ýagtylandyryjy çyralary öçürmeklik talabalaýyk däldir. Merkezleriň penjirelerinde demir gözenekleri oturtmak, diwarlaryna ýanyjy materiallary örtmek, diwarlaryň agaç ýerlerini ýagly reňk bilen reňklemek talabalaýyk däldir.
Şu we beýleki düzgünleriň berk berjaý edilmegi bagtyýar çagalarymyzyň jan saglygyny ygtybarly goramaga mümkinçilik berer.
Çagalaryň dynç alýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş berildi

03
Jul