BIZE YAZYARLAR

Çagalaryň bedenini taplamak

Gün, howa, suw çagalaryň bedenini taplamakda, saglygyny berkitmekde tebigatyň beren iň peýdaly şypasydyr.
Möwsümleýin ýörite taplama çäreleri çagalaryň sagdyn ruhly we berk bedenli bolmagyna ýardam edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we mekdeplerde meýilnama laýyklykda, olary tapgyrma-tapgyr arassa howada, suwda taplamaga degişli çäreler geçirilýär.
Ýylyň dowamynda däl, hatda bir gije-gündiziň dowamynda hem howanyň derejesi üýtgäp durýar. Şonuň üçin çaganyň bedenini öwrenişdirmek onuň jan saglygyna örän peýdaly. Şunda howadan, Gün şöhlesinden, suwdan yzygiderli peýdalanmak gerek. Çaga arassa howada näçe köp gezelenç etse, onuň beden saglygy oňat, işdäsi açyk, ukusy kadaly bolýar. 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli çaganyň sowuk wagtlarynda hem arassa howadan dem almagy zerurdyr.
Gün bilen taplama çaganyň beden saglygy üçin uly ähmiýete eýe. Bellenen wagtlarda Günüň aşagynda gezelenç etdirmek olaryň bedeninde D witamininiň emele gelmegine ýardam edýär. Bu witamin bolsa onuň ösüşinde ähmiýetli bolmak bilen, ukusynyň we işdäsiniň gowy, süňkleriniň berk bolmagyna peýdasy bar.
Açyk howada suwa düşmek körpeleriň iň bir gyzygýan zatlarynyň biridir. Munuň özi ganyň aýlanyşyny gowulandyrýar. Açyk howada suwa düşülende, şol bir wagtyň özünde howa we Gün çaganyň bedenine täsir edýär.

Nasiba NARMÄMEDOWA,
Lebap welaýat çagalar öýüniň lukmany.