TÜRKMENISTAN HABARLARY

Çagalaryň arasynda halkara surat bäsleşigi yglan edildi

“Jeyhun.news” çeperçilik sungaty bilen meşgullanýan zehinli çagalara halkara surat bäsleşigine gatnaşyp biljekdigini habar berýär.
«Türkmenistan» gazetinde 25-nji ýanwarda çap edilen bildirişde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşigini yglan edýändigi barada aýdyldy.
Bäsleşige 7 — 16 ýaş aralygynda çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan, çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan we umumy bilim berýän mekdeplerde okaýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalary we ýetginjekleri gatnaşdyrylýar.
Bäsleşik grafika we nakgaşçylyk (akwarel, guaş) ugurlary boýunça geçiriler.
Bäsleşige hödürlenilýän işler: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan», «Men parahatçylygy söýýärin», «Türkmenistan — arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy», «Meniň ülkämiň gözel ýerleri», «Men Türkmenistan barada surat çekýärin», «Bagtyýar çagalyk» atly temalar boýunça ýerine ýetirilmelidir.
Bäsleşigiň jemi 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda jemlener we Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sergilener.
Bäsleşige hödürlenilýän işler 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda kabul edilýär.
Bäsleşik baradaky doly maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy. Tel.: 92-56-41, faks:92-12-01.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi. Tel.: 44-00-41.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply