Çagalaryň durmuşynda esasy ýeri her dürli oýunlar tutýar. Çagalar oýnamak bilen oýunlar arkaly özüniň ösüşiniň islegini kanagatlandyrýarlar. Çagalar öz oýunlarynda özüni gurşap alan daşky gurşawy, ertekilerden alan täsirlerini, gören zatlaryny täzeden görýärler.
Oýunlara we oýnawaçlara köp üns berilmelidir. Sebäbi olar çagalaryň aňynyň, organizminiň fiziki tarapdan ösmeginiň esasy serişdesidir.
Çagalaryň esasy oýunlary adamlaryň zähmetdir. Sebäbi olar öz oýunlarynda ulylaryň işlerini ýerine ýetirjek bolup dyrjaşýarlar. Eger-de oýunlar dogry talaba laýyk goýulsa onda çagalar jan edip oýnaýarlar, işleýärler we şol oýundan lezzet alýarlar.
Çagalar üçin oýunlaryň ähmiýeti, oýunlaryň mazmuny we oýnawaçlaryň görnüşleri bilen anyklanylýar.
Her bir oýun gyzyklanmagyň, şähtiaçyklygyň çeşmesidir, ondan başgada çagalarda dostlugyň, ýoldaşlygyň bir-birine kömek bermegiň serişdesidir.
Çagalaryň oýunlaryna, mazmunyna, oýnawaçlaryň görnüşlerine terbiýeçiler gözegçilik etmelidirler, ýene hiç haçan oýunlara goşulmaly däldirler.
DÖWLETOWA Dursunbibi,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

