Çagalary kesellerden goralyň!
Durmuşymyzyň güli bolan çagalaryň saglygyny goramak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çagalarda hem olaryň saglygyny goramak üçin sagdyn
durmuş ýörelgelerine eýermek ilkinji zerurlyk bolup durýar. Munuň üçin gündelik arassaçylyk düzgünlerine gözegçilik etmek ulularyň paýyna düşýär.
Munda dişleri aýap saklamak, olary her gün gowy arassalamak, sowuk içgilerden
daşda durmak, pasyllara görä geýinmek ýaly düzgünleri hem öwredip durmak
olaryň saglygyny goramaga netijeli bolýar. Çünki bu düzgünler kadaly edilmedik
ýagdaýynda, çüýrük dişleriň, dürli görnüşli sowuklamalaryň emele gelmegi
ähtimallygy ýokary bolýar.
Güýz-gyş aýlarynda dürli dowamly keselleriň gozgaýan aýlary bolup durýar. Şu
günlerde çagalarda rewmatizm keseli hem ýokarda aýdylanlar berjaý edilmedik
ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär. Çünki çüýrük dişler, gaýmoritler (sowuklamadan
döräp bilýär) — bedende dowamly infeksiýa ojaklary bolup durýar. Guragyry
keseliniň möwsümleýin bolmagynyň sebäbi şudur.
Keseliň alamatlary käwagt kesel gaharjaňlyk, ynjalyksyzlyk, gözlerini gyrpmak,
myşsalarda, el-aýaklarda tertipsiz, özüne tabyn bolmadyk hereketler ýüze çykýar. Şeýle çagalar özlerini birahat, tertipsiz alyp barýandyklary sebäpli, terbiýeçiler we mugallymlar tarapyndan duýduryş alyp, ünsi özüne çekýärler.
Rewmatizm keseli birleşdiriji dokumalaryň zeperlenmesine getirýär. Şol sebäpden çagada şu alamatlar anyklanylsa, hökmany suratda, hassahanada ýatymlaýyn bejergi almaklyk maslahat berilýär. Çünki keseliň öňüni almak, ony bejermekden aňsatdyr. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, bedeniň kesellere bolan garşylygyny ýokarlandyrmak, bar bolan infeksiýa ojaklaryny ýok etmek kesele garşy esasy çäreleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallary netijesinde gurlan köpugurly sport merkezleri
ýylyň ähli möwsümlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga we
ynsan saglygyny berkitmäge gönükdirilendir. Ene-atalar, mugallymlar, terbiýeçiler tarapyndan çagalar we ýetginjekler sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga gönükdirilse, bu geljekki nesillerimiziň sagdyn ösüp ýetişmeklerine ýardam eder.
Durjan ROZYÝEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.