Pasylyň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen çagalarda duş gelýän möwsümleýin kesellerden ägä bolmaly. Bu döwürde olaryň töwekgelçiligi artyp, ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Ýiti respirator ýokanjy çagalarda iň köp duş gelýän keseldir. Bu keselde, esasan hem, ýokarky dem alyş ýollary zeperlenýär. Bu kesel gowşak, immuniteti pes çagalarda has köp duş gelýär. Şol sebäpden häzirki döwürde bu keselden goranmak, olara garşy göreşmek zerurlygy ýüze çykýar.
Kesel ýokuşanda, kelle agyry, endamyň agyrmagy, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň galmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu keseli döredýän wiruslaryň zäherleri bedeniň ýaşaýyş üçin wajyp agzalaryna zeper ýetirýär. Agyr görnüşinde dem alyş we ýüregiň, böwrekleriň kadaly işleýşine zeper ýetirýär. Aýratyn hem, ýiti sowuklama keseli çagalar we gartaşan adamlar üçin howplydyr.
Näsag çaga öýde ata-eneler tarapyndan özbaşdak bejergi berilmeli däl. Näsag çaga lukman tarapyndan bejergi bellenilýänçä ýygy-ýygydan suw bermeli we ene süýdüni emdirmegi dowam etdirmeli. Näsag çagany sagdyn çaganyň ýanyna golaýlaşdyrmly däl. Wagtynda berilen bejergi oňyn netijesini berip, çaganyň keselden çalt gutulmagyna ýardam eder. Şeýle-de, keselden goranmak we çalt gutulmak üçin çaganyň otagynyň howasyny çalşyp durmaly. Çünki jaýlaryň howasynyň çalyşmaýan otaglarynda, adamlaryň üýşýän we açyk howanyň geçip bilmeýän ýerlerinde dem alyş ýollarynyň sowuklama keseliniň wiruslary
toplanýar we keseliň ýaýramagy üçin amatly şertler döreýär. Açyk howada wiruslar juda durnuksyz bolýandygy sebäpli, jaýlaryň howasyny tämiz saklap, olaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar.
Bu döwürde olaryň kesellemezligi üçin olara ünsi has-da güýçlendirmeli. Wagtly-wagtynda ýokumlara baý önümler bilen iýmitlendirmeli. Pasyla görä geýindirmeli.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaly. Sagdynlyk endiklerini näçe dogry berjaý edilse şonça-da maşgalanyň saglygy we bagtyýarlygy üçin ähmiýetlidir. Durmuşymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ýiti respirator keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdyr.
Gülruh SEÝTIÝEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çaga lukmany.
