Ynsan saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemek baş maksadymyzdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, arassaçylygyň kadalaryny berjaý edýän ýaşlar möwsümleýin kesellerden goranyp bilýärler.
Häzirki döwürde, ýagny güýz, gyş aýlarynda çagalarda öýken sowuklamasy agdyklyk edip, ondan goranmak zerurdyr. Bu kesel dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna zeper ýetmegi, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, şeýle-de ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar.
Üsgülewük, ysgynsyzlyk, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, dem almagyň kynlaşmagy ýiti respirator wirusly ýokançlaryň we ýiti respirator keselleriň islendik görnüşini güman etmäge esas berýär. Şeýle alamatlar bilen geçýän öýken sowuklamasynyň (pnewmoniýa) ony beýleki sowuklama kesellerinden tapawutlandyrýan aýratynlyklary bardyr. Öýken sowuklamasynda güýçli
üsgülewük ilki gury bolup, soňabaka näsag üsgürende nemli gakylyk peýda bolup başlaýar. Syrkaw tiz-tizden sojap dem alýar. Dem alanda döşünde, gapyrga töwereklerinde agyry döreýär. Bedeniň temperaturasy 38⁰С çenli ýokarlanyp, 2-3 günläp şu derejede durnukly saklanýar. Wirusly pnewmoniýada bokurdak agyrýar, gyzarýar, çişýär. Çagalarda duş gelýän öýken sowuklamasynda burun, dodak töweregi gögerýär.
Çagalar bu kesele aňsat ýolugýarlar, sebäbi olaryň keselden goraýjylyk ulgamy ýeterlik bekemedikdir. Çagalar keseli agyr geçirýärler we olarda gaýra üzülmelere sezewar bolmak töwekgelçiligi artyk bolýar. Kesel çagalara köpçülikleýin ýerlerde näsag adam asgyranda, üsgürende, şeýle-de oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, gapynyň tutawajynyň, ulanýan okuw esbaplarynyň üsti bilen geçip bilýär. Çagalarda ýüzüni, agzyny, burnuny ellemek endigi bolýar, netijede kesel çalt ýokuşýar. Şol sebäpden çagalarda öýkeniň sowuklamasy dörändir diýlip
güman edilende wagt ýitirmän maşgala lukmanyna ýa-da pulmonolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr. Kesel öýkeniň rentgen barlagynyň esasynda anyklanylýar.
Öýkeniň daşky funksiýasyny barlamak maksady bilen spirografiýa barlagy geçirilýär. Käte zeperlenmäniň derejesini anyklamak üçin öýkeniň kompýuterli tomografiýa (KT) barlagyny geçirmäge zerurlyk ýüze çykýar. Öýken sowuklamasynyň görnüşini (wirusly ýa-da bakteriýaly) anyklamak üçin ganyň barlagyny geçirmek hem hökmany şert bolup durýar. Sebäbi wirusly we
bakteriýaly pnewmoniýanyň bejergisinde täsiri boýunça biri-birinden tapawutlanýan derman serişdeleri ulanylýar.
Çagalary kesellerden goramak, olarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegini gazanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki sagdyn nesil – sagdyn geljek.
Iskender HÜSEÝINOW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň
pulmonologiýa bölüminiň müdiri.
