Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähiniň estrada meýdançasynda Lebap welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti boldy.
Welaýat merkeziniň körpeleri Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan bu konsertiň diňleýjileri boldular. Şonuň ýaly-da, olar ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri goýlan ýere, seýilgähde ýerleşýän güzerde suw welosipedinde gezelenç etdiler. Bu ýerde çagalar üçin dürli attraksionlar hem işledildi.
«Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde hem körpeler üçin gyzykly oýunlar guraldy, olara doňdurma we süýjüler hödür edildi. Çagalaryň arasynda aýdym-saz, surat çekmek, goşgy okamak boýunça bäsleşikler guraldy.
Çagalar üçin baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda hem guraldy. Çagalar baglarynda baýramçylyk ertirlikleri geçirildi. Lebap welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, etraplardaky muzeýlere baryp gördüler, welaýatyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.