Çagalary dürli oýunlar bilen terbiýelemek
Çagalar durmuşyň güli, maşgalanyň geljegi, jemgyýetiň ertirki eýeleri.
Körpe nesilleri irki ösüş döwründe aň-bilim taýdan kämil edip ýetişdirmek üçin çagalar baglarynda berilýän terbiýäni berkitmeli bolyar. Biziň esasy maksadymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işleriň ilerlemegine esaslanýar.
Çaga görýän, eşidýän zatlarynyň hemmesine soragly nazar bilen garaýar. Daş töweregindäki her bir zady içgin öwrenýär, daş töweregini gurşap alýan her bir adamyň hereketinden mysal alýar.
Irki ösüş döwründe, çagalar bagynda çagalaryň aňyna täsir etmegiň esasy
usuly oýnaýan oýunlarydyr. Onuň üçin bolsa çagalara uly adamlaryň,
mugallymlaryň, terbiýeçileriň kömegi gerekdir. Çagalar baglarynda ýörite oýunlar arkaly çagalaryň pikirleniş ukyby artdyrylýar. Çagalarda oýunlaryň üsti bilen öz pikirini beýan edip bilmek we netije çykarmak ýaly ukyplar emele gelýär.
Mekdebe çenli ýaşda, çagalarda intellektual ukyplarynyň kemala geliş döwründe oýunlaryň üsti bilen çagalara dürli tabşyryklary bermek, olarda jogapkärçilik duýgysyny oýandyrmak, olaryň sözleýiş işjeňligini ýokarlandyrmak mümkin.
Çagalara sapakda belli bir reňkleri bir ýere jemlemek, gurluşy sökmek ýa-da düzmek, aýry bölekleri bir ýere jemlemek ýaly tabşyryklary bermek bilen hem olaryň beýnisiniň işjeňligini çaltlandyrmak mümkin.
Terbiýeçi her sapagyň ahyrynda çagalary seljermelidir, olaryň öwrenijilik
ukyplaryna baha bermelidir, netije çykarmalydyr. Mekdebe çenli çagalar
edaralarynda alnyp barylýan işleriň ilerlemegi, çagalaryň akyl taýdan kämil bolmaklary bilim ulgamynda amala aşyrylýan belent maksatlaryň netijesidir.
Ýaş nesliň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň
mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.
Sultanpaşşa JUMANIÝAZOWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi