Çagalara ýol hereketiniň kadalary düşündirilýär
Tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlamagy bilen bagly hukuk goraýjy işgärler, hususan hem, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri mekdeplerde duşuşyklary geçirip, çagalara dynç alyş möwsüminde ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmegi ündeýärler.
«Türkmen gündogary» welaýat gazeti şeýle wagyz-nesihat duşuşyklarynyň Dänew etrap polisiýa bölüminiň Seýdi şäher polisiýa bölümçesi tarapyndan hem geçirilýändigini habar berýär. Bölümçäniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň ýol gözegçisiniň neşirde çap edilen makalasynda bellenilişi ýaly, tomus aýlarynda çagalar köp wagtlaryny daşarda, arassa howada geçirýärler. Olar şonda welosiped sürmäge, tebigatyň gözel ýerlerine gezelenç etmäge höwesli bolýarlar. Geçirilýän çärelerde çagalara köçede özüňi alyp barmagyň, ýollary kesip geçmegiň, welosipedi howpsuz sürmegiň kadalary hakynda birin-birin gürrüň berilýär. Şonda olara bu meselelere degişli wideoşekiller hem görkezilýär. Şeýle-de ene-atalara çagalary mydama gözegçilikde saklamak, olaryň ýollarda özlerini medeniýetli alyp barmaklaryny gazanmak maslahat berilýär.