BIZE YAZYARLAR

Çagalara dil öwretmek kämilligiň beýany

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde mynasyp orny eýeläp, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaş nesilleri ýetişdirmek üçin başlangyç bilimi, mekdebe çenli çagalar edaralaryndaky berilýän bilimi kämilleşdirmek zerurdyr. Mekdep ýaşyna çenli terbiýe berýän çagalar baglarynda körpejelere dil öwretmek häzirki döwrüň esasy meseleleriniň biri
hasaplanýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ulgamyny döretmek, alyp barmak urgunda alada edýän bilim işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Eýýäm mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çagalara rus dili, iňlis dili sapaklarynyň okadylmagy çagalaryň daşary ýurt dillerine bolan söýgüsini artdyrmga ýardam edýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek ugrunda hem birnäçe işler alnyp barylýar. Çagalara
dürli hili oýunlaryň üsti bilen dilleri öwretmek, sözleýiş ukybyny artdyrmak üçin bolsa köpräk goşgulary ýat tutdyrmak talaba laýyk hasaplanýar. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen bagly bolýar. Çaganyň irki döwürlerde öwrenen sözleri onuň hakydasynda, ýadynda hemişelik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki “Sözlük gory” beýleki deň-duşlary bilen deňeşdireniňde has ösendir. Munuň şeýledigini psiholog hünärmenler hem tassyklaýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berilişini has-da artdyrmak milli bilim ulgamymyzyň wajyp meselesi bolup durýar. Dil öwredýän pedagogik hünärmenleriň öňünde birnäçe wezipeler durýar. Olar dil öwretmek bilen bir hatarda körpejeje çagalara ol diliň zerurlygyny hem düşündirmeli bolýar. Dürli hili oýunlaryň, ertekileriň, aýdymdyr-goşgylaryň üsti bilen çagalaryň aňyna ýetirilýän dil olaryň kämillik ýoluna ilkinji basýan ädimleridir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýlişi ýaly ýaşlykdan dil öwrenmek, öwretmek wajypdyr.
Bize döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il bähbitli işleri mundan beýläkde rowaç bolsun!

Sülgün JUMAÝEWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: