BILIM

Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleri öz işini ýylyň adyna laýyklykda alyp barar

Bilim işgärleriniň ýanwar aýyndaky usuly-okuw maslahatlarynyň dowam edýän günlerinde welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi tarapyndan hem gysga möhletli okuwlar geçirilip, onuň çäklerinde üstümizdäki ýylda alnyp barylmaly işler dogrusynda gözükdirmeler berildi.
Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, 2025-nji ýylda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde ýerleşýän çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde alnyp baryljak işler hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň adyna we maksadyna hyzmat eder. Okuwlaryň dowamynda şanly ýyla bagyşlanan çäreleri geçirmegiň guramaçylyk ýagdaýlary barada pikir alşyldy.