Çagalar kitaphanasynda Ýeňiş güni mynasybetli dabara geçirildi
Welaýat çagalar kitaphanasynyň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Mertler kalplarda baky ýaşaýar» atly edebiýat agşamy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri we şäherimizdäki 21-nji orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary gatnaşdylar.
Edebiýat agşamynyň başynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, gazaply uruş ýyllarynda ata Watanyň asudalygy üçin öz janlaryny gurban eden mertler kalplarda baky ýaşaýar. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gahryman gerçekler hemişe ýagşylykda ýatlanar.
Körpe nesilleriň mertlere bagyşlan aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de edebiýat agşamynyň dowamynda oňa gatnaşanlar bu ýerde guralan kitap sergisi bilen ýakyndan tanyşdylar.