JEMGYÝET

Çagalar kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi

Welaýat çagalar kitaphanasy tarapyndan Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Tebigat — melhemler hazynasy» diýen at bilen söhbetdeşlik guraldy. Onda kitaphanaçylar çagalara türkmen tebigatynyň gözellikleri, dermanlyk ösümlikler dogrusynda gürrüň berdiler.

Çäre mahalynda merkezde dynç alýan çagalar bilen sowal-jogap alşyldy. Şonuň ýaly-da türkmen halk ertekilerinden parçalar okaldy. Merkezde 300-e golaý neşiri özünde jemleýän göçme kitaphana hem hereket edip, çagalar onda ýerleşdirilen kitaplary höwes bilen okaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: