Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 64-nji çagalar bakja-
bagynyň binýadynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň tebigy zehinini ýüze
çykarmakda we olaryň durmuş endiklerini ösdürmekde many-mazmunly oýunlary
guramagyň öňdebaryjy iş usullary» atly geçirilen usuly-amaly maslahatyň ikinji gününde
mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini düýpli
gowulandyrmak meselelerini öz içine alýan çykyşlara giň gerim berildi.
Ahal, Balkan, Lebap welaýatlaryna hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän
öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlary mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň tebigy
zehinini ýüze çykarmakda we olaryň pikirleniş endiklerini ösdürmekde many-mazmunly
oýunlaryň ähmiýeti dogrusynda boldy. Bu meselä aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl.
Çünki körpeler bilen guralýan oýunlar mekdebe çenli bilimiň we terbiýäniň özenidir diýip
çykyş edenler nygtadylar.
Döwlet derejesinde geçirilen usuly-amaly maslahat bilim işgärleri üçin hünär taýdan
kämilleşmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli boldy. Çäre mahalynda täze iş
usullary öwrenildi, oý-pikir alşyldy.
Çagalar edaralarynyň Türkmenabatdaky usuly-amaly maslahaty tamamlandy
15
Apr
