Çagalar — biziň geljegimiz. Bu sözler her bir jemgyýetde nesil terbiýesine berilýän ünsüň mazmunyny özünde jemleýär. Çagalar bagymyzda hem körpe nesliň sagdyn, terbiýeli we bilimli bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Irki ýaşdan başlap, olaryň zehinini açmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek esasy maksadymyzdyr.
Çagalar bakja-bagymyzda gündelik sapaklar oýun arkaly guralyp, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda alnyp barylýar. Surat çekmek, aýdym aýdmak, bedenterbiýe, tebigaty öwrenmek ýaly çäreler olaryň giň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle-de arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine, sagdyn iýmitlenmä aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň ählisi çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýär.
Biz körpeleriň her birini geljekde jemgyýetimize peýdaly, giň düşünjeli, ynamly şahsyýet hökmünde görmegi maksat edinýäris. Munuň üçin mugallymlarymyz we terbiýeçilerimiz öz işine jogapkärçilik bilen çemeleşip, ene-atalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda zähmet çekýärler. Çagalar bagymyz hem mundan beýläk-de «Çagalar — biziň geljegimiz» diýen şygarymyz bilen körpe nesliň bagtyýar geljegi ugrunda irginsiz alada etmegini dowam etdirer.
Maral ROZYÝEWA,
Garabekewül etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
