BIZE YAZYARLAR

ÇAGALAR – BAGTYÝAR GELJEGIMIZIŇ KEPILI

Perzent adamyň nesil daragtynyň dowamatydyr. Edil şonuň ýalyda islendik ýurduň ýagty geljegi we asudalygy onuň ösüp barýan ýaş nesline baglydyr.

Watanymyzyň geljeginiň, dowamatynyň, asudalygynyň kepili hasaplanýan ýaş nesilleriň watançylyk terbiýesinde maşgala mekdebiniň ähmiýeti uludyr. Maşgala watançy nesilleri kemala getirýän mukaddes ojak. Maşgala Watançy nesli terbiýeleýji,  çagalarda millilik, ahlaklyk ruhuny baýlaşdyryjy çeşme bolup hyzmat edýär.  Çagalaryň mynasyp Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerinde ilkinji basgançagy maşgalada alan terbiýesinden başlanýar. Her bir ata-ene öz çagasynyň mert, gaýduwsyz, batyr, edermen Watan goragçysy bolup ýetişmeklerini arzuw edýär we şol arzuwynyň hasyl bolmagy üçin gije-gündiz zähmet çekýärler.

Türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen ata-eneleriň öz çagalaryna Watan söýüjilik ýoly, gowy häsiýetleri ýaşlykdan öwretmelidiklerini nygtaýar. Elbetde, ýaş nesliň gowy gylyk-häsiýetleri edinmekleri maşgala degişlidigi dünýä belli alymlar, ýazyjylar, psihologlar tarapyndan hem ykrar edilýär.

    Maral HALIKOWA,  Jemal BAÝRAMOWA, Türkmenabat şäheriniň  21-nji

çagalar bagynyň terbiýeçileri

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: