Çagalar «Awazada» we Jeýhun kenarynda dynç alýarlar
Kerki etrap bilim bölüminde çagalaryň tomusky dynç alşyny gyzykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi, çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi, etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde ýörite meýilnama düzülipdir. Şol meýilnama esasynda hem çagalaryň gatnaşmaklarynda dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Şu ýyl tomus möwsüminde etrabyň ýaşlarynyň 50-si «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Lebap», 90-sy bolsa Türkmenabat şäheriniň etegindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýar. Okuwçylaryň 1850-si etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş suratkeş», «Çeper eller», «Halyçylyk», «Biçimçi-tikinçi», «Milli nagyşlar», «Şaşkaçy» ýaly gurnaklaryna gatnaýar.