BIZE YAZYARLAR

Çaga terbiýesi

Halkymyz edep-terbiýä  döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan  nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berilendigini subut edýär.  Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere irki ýaşdan başlap, zamanabap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Arkadagly Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň çagalar bagymyzda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizi millilik ýörelgelerimize esaslanyp guraýarys.

Çagalara bilim-terbiýe bermekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Owadanja suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Biz hem çagalar bagymyzda terbiýe berýän körpelerimize kitaplardaky goşgulary, hekaýalardyr ertekileri türkmen we rus dillerinde okap berýäris hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýäris.

Gymmatly çeşme bolan «Paýhas çeşmesi» kitaby ýaşlarda öz duýgularyňa erk edip bilmegi, akylly-ekramly bolmagy, watansöýüjilik, wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem çagalar bagymyzda geçirýän sapaklarymyzda bu dürdäne kitapdaky nakyllardyr atalar sözlerinden yzygiderli peýdalanýarys. Türkmen halk nakyllaryny we atalar sözlerini çagalara düşündirmek bilen olaryň  ýagşy dost tutunmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini ündäp durýarys.

Şeýle-de körpeler bilen guralýan gezelençlerde tebigat bilen adamyň arasyndaky sazlaşyk, zähmet çekmek barada ilkinji düşünjeleri öwredýäris. Çagalaryň tebigata gezelenç etmekleri olaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, ösümlikler, janly-jandarlar barada düşünje almaklaryna, ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrmaklaryna oňaýly täsir edýär. Şonuň ýaly-da olara tebigaty arassa saklamagy ündeýäris.

Biz — bilim işgärleri ýaş nesli zamanabap terbiýelemekde mundan beýläk hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Şu pursatda bilim ulgamyny ösdürip, halkyň alkyşyny alýan Arkadagly Serdarymyza ähli çagalar bagymyzyň körpeleriniň hem-de bilim işgärleriniň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.

 

Maral Annamyradowa,

Türkmenabat şäherindäki 7-nji «Güller» çagalar bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: