BIZE YAZYARLAR

Çaga terbiýesi mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim, terbiýe bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym-bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.
Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Halkymyzda «Terbiýäniň ýagşysy göreldedir, görelde bolsa söz bilen hereketiň birligidir» diýilýär. Terbiýäniň, esasan, görüm-görelde bilen berilýändigine öz durmuş tejribelerinde aýdyň göz ýetiren pederlerimiz «Atadan gören söwüş eder, eneden gören supra ýaýar» diýen dana nakyly hem döredipdirler. Dana pederlerimiz tarapyndan döredilip, üsti ýetirilip, kämilleşdirlip gelnen edep kadalary, milli terbiýäniň ýörelgeleri ýaş nesillerimize gymmatly miras höküminde geçirilip gelinipdir.
Pederlerimiz nesil terbiýesine uly üns bermek bilen, öz dowamatynyň akylly, asylly, sagdyn, dogruçyl, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edipdirler, bu işi parz hasaplapdyrlar. Nesil terbiýesi bolsa örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýyşyny öz maşgalasynda ata-enesinden, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär.
Çaga üçin ata-enäniň şahsy göreldesi örän wajyp bolup durýar, sebäbi çaga
ata-enesiniň her bir hereketini öwrenip, şony hem gaýtalamaga çalyşýar. Bu
döwür çaga daş-töwerekde bolup geçýän hereketleri tiz kabul edýär we asylly
endikleri öwrenýär. Ata-ene perzendini mähir-alada bilen gurşap, onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda tutanýerlilik görkezýär. Bu bolsa, çaganyň akylly, paýhasly, ilhallar, adam bolup ýetişmegine ýardam berýär. Çaganyň bilesigeljilik bilen berýän gutargysyz sowallaryna, irginsiz dogry jogap bermeli.
Ýaş nesliň terbiýesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň hem
paýy uludyr. Mekdebe çenli bilimiň mazmunynyň düzümi diňe bir bilimiň däl, eýsem terbiýäniň ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Her bir bilim
işgäriniň, pedagogyň öňünde öz döwrüne mynasyp, geçmişe hormat goýýan,
geljege ynamly garaýan, bilimli, terbiýeli, her bir işe döredijilikli çemeleşmekligi başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmek mynasyp borç bolup durýar. Bu işler okuw maksatnamasy esasynda mekdebe çenli bilim edaralarynda hem her bir sapak arkaly amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän sapaklar dürli terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar arkaly guralýar. Şeýle bolanda çagalaryň bar pikiri oýnaýan oýunlarynda bolýar. Şeýlelik bilen körpeleriň hersiniň hereketlerinden özbaşyna ýa-da ýoldaşlary bilen erkinlikde gürleýşinden pikir-hyýallaryny, zehinini, nämä ukybynyň boljakdygyny içgin öwrenip bolýar.
Munuň özi çaganyň gylyk-häsiýeti, içki duýgy-düşünjesi boýunça işlemegiň
dogry usullaryny saýlap almaklyga mümkinçilik berýär. Alymlaryň bellemeklerine görä,
ynsanyň köpçülikde özüni alyp barşy, durmuşda eýeleýän orny çagalyk
ýyllaryndan başlanýar. Bu barada italýan alymy Mariýa Montesoriniň belleýşi ýaly, çaganyň duýgusy, akyly, beden we ruhy taýdan dürlüdir. Onuň nämede bolsa bir zada ukyby bolýar. Şol ukyby tapmak we ösdürmek onuň psihikasyny bilýän ulularyň oýlanyşykly alyp barýan iş usullaryna, onuň berjek netijelerine baglydyr.
Dogrudan-da, körpeler daş-töweregindäki bolup geçýän wakalardan köp
zatlary öwrenýärler. Şol wakalar arkaly olar özlerini-de, özgeleri-de tanaýarlar.
Şonuň ýaly gatnaşyk, tanyşlyk olaryň öz gylyk-häsiýetlerini kemala getirmekleri üçin iňňän zerurdyr.
Çaganyň beýnisine barýan maglumatlary has baýlaşdyrmak we ýaşyna görä
çylşyrymlaşdyrmak bolsa terbiýeçileriň iş başarjaňlygyna baglydyr. Bu
meselede bilim işgärleri maşgala bilen deň jogapkärçilik çekýärler. Şu möhüm borjy nazarda tutup, maşgala, çagalar bagy, mekdep bilen bilelikde
maslahatlaşyp, netijeli zähmet çekmek zerurdyr.
     Umuman, döwrüň, ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelýän nesli terbiýelemek üçin, mekdep bilen maşgalanyň arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin bolsa, mekdep we beýleki bilim-terbiýe edaralarynyň her biri ata-eneler bilen ýygjam gatnaşykda bolmalydyr. Çünki sagdyn nesli terbiýelemegiň esasy ojagy maşgaladyr. Sagdyn maşgalada berilýän göreldeli terbiýe bolsa, Watan berkararlygynyň özenidir.
Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermäge we olary hakyky şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyşlar aýdýarys.

Maýa JUMAÝEWA,
Garabakewül etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.