Çaga terbiýesi möhüm mesele
Ata-babalarymyzyň çaga bolan söýgüsi, olaryň terbiýesine bolan ynamy
çäksizdir. Ogluny „Döwletiň başy“, gyzyny „Göwnümiň hoşy“ diýip söýgüleýän türkmen halky hemme wagtlarda-da nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşipdirler. Halkymyzyň: „Çaga eziz, edebi ondan hem eziz“ diýmesi ýönelige däldir. Maşgala bag bolsa, perzent şol bagyň güli, miwesi. Ata-ene bolsa ösüp barýan bagyň bagbanlarydyr. Bagbanyň esasy wezipesi, ösdürip ýetişdiren miwesiniň datly, ile-güne gerekli bolmagyny gazanmakdyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, il-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, at-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr.
Çaga üçin ene-atanyň şahsy göreldesi örän wajyp bolup durýar, sebäbi çaga
ene-atasynyň her bir hereketini öwrenip, şony hem gaýtalamaga çalyşýar. Bu
döwür çaga daş-töwerekde bolup geçýän hereketleri tiz kabul edýär we asylly
endikleri öwrenýär. Ene-ata perzendini mähir-alada bilen gurşap, onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda tutanýerlilik görkezýär. Bu bolsa, çaganyň akylly, paýhasly, ilhallar, adam bolup ýetişmegine ýardam beýär. Çaganyň bilesigeljilik bilen berýän gutargysyz sowallaryna, irginsiz dogry jogap bermeli.
Ýaş nesliň terbiýesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň hem
paýy uludyr. Mekdebe çenli bilimiň mazmunynyň düzümi diňe bir bilimiň däl, eýsem terbiýäniň ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Her bir bilim
işgäriniň, pedagogyň öňünde öz döwrüne mynasyp, geçmişe hormat goýýan,
geljege ynamly garaýan, bilimli, terbiýeli, her bir işe döredijilikli çemeleşmekligi başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmek mynasyp borç bolup durýar. Bu işler okuw maksatnamasy esasynda mekdebe çenli bilim edaralarynda hem her bir sapak arkaly amala aşyrylýar.
Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Terbiýeleýji
oýunlar körpeler üçin bilim-terbiýe çeşmesidir. Çaga göwni näzik, onuň duýgy dünýäsi täsindir. Hormatly Prezidentimiz çaganyň başarnyklarynyň kemala gelmeginiň maşgaladan, jemgyýetçilik terbiýesinden gözbaş alýandygyny, bu işiň jogapkärçiliklidigini hemişe bellemek bilen, onuň terbiýeçilik ähmiýetlidigine bilim işgärleriniň ünsüni çekýär.
Şunun bilen baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän sapaklar dürli terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar arkaly guralýar. Şeýle bolanda çagalaryň bar pikiri oýnaýan oýunlarynda bolýar. Şeýlelik bilen körpeleriň hersiniň hereketlerinden özbaşyna ýa-da ýoldaşlary bilen erkinlikde gürleýşinden pikir-hyýallaryny, zehinini, nämä ukybynyň boljakdygyny içgin öwrenip bolýar.
Munuň özi çaganyň gylyk-häsiýeti, içki duýgy-düşünjesi boýunça işlemegiň
dogry usullaryny saýlap almaklyga mümkinçilik berýär.
Körpeleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagy, geljekde olaryň
durmuşynyň oňat bolmagyna ýardam eder. Alymlaryň bellemeklerine görä,
ynsanyň köpçülikde özüni alyp barşy, durmuşda eýeleýän orny çagalyk
ýyllaryndan başlanýar. Bu barada italýan alymy Mariýa Montesoriniň belleýşi ýaly, çaganyň duýgusy, akyly, beden we ruhy taýdan dürlüdir. Onuň nämede bolsa bir zada ukyby bolýar. Şol ukyby tapmak we ösdürmek onuň psihikasyny bilýän ulularyň oýlanyşykly alyp barýan iş usullaryna, onuň berjek netijelerine baglydyr.
Dogrudan-da, körpeler daş-töweregindäki bolup geçýän wakalardan köp
zatlary öwrenýärler. Şol wakalar arkaly olar özlerini-de, özgeleri-de tanaýarlar.
Şonuň ýaly gatnaşyk, tanyşlyk olaryň öz gylyk-häsiýetlerini kemala getirmekleri üçin iňňän zerurdyr.
Çaganyň beýnisine barýan maglumatlary has baýlaşdyrmak we ýaşyna görä
çylşyrymlaşdyrmak bolsa terbiýeçileriň iş başarjaňlygyna baglydyr. Bu
meselede bilim işgärleri maşgala bilen deň jogapkärçilik çekýärler. Şu möhüm borjy nazarda tutup, maşgala, çagalar bagy, mekdep bilen bilelikde
maslahatlaşyp, netijeli zähmet çekmek zerurdyr. Şonuň ýaly jebis
hyzmatdaşlygyň bolsa ýaş nesli durmuşa taýýarlamaga, olaryň ukyplaryny
ösdürmäge, başarnyklaryny kemala getirmäge, geljekde hünär saýlap, öz
ýoluny tapmagyna ýardam berjekdigine şübhesizdir.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda buýsanç bilen belleýşi ýaly, zehinli,
başarnykly, beden taýdan sagdyn we belent ahlakly nesiller ata Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir.
Bägül Çaryýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.