BIZE YAZYARLAR

Çaga terbiýesi ilkinji orunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesilleriň edepli, bilimli, geljekde özbaşdak durmuşa taýýarlykly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin hemme şert-mümkinçilikler bar.
Biziň çagalar bakja-bagymyzda hem ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde uly tagallalar edilýär. Döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, çagalar bakja–bagymyzyň terbiýeçileri, enekeleri hem-de mugallymlary yhlasly zähmet çekýärler. Her bir körpäni mähir bilen garşylap, olara edep-terbiýäni ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp berýäris we döwrebap bilimiň ilkinji basgançaklaryny üstünlikli geçmeklerini gazanmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys.
Işgärlerimiz gündelik işlerini çuň mazmunly, köptaraply guramaga çalyşýarlar. Körpelere çalt ýat tutmagyň usullary öwredilýär. Çünki çaganyň ilkinji alan düşünjesi, kemala gelen dünýägaraýşy onuň durmuşynda örän uly orun tutýar.
Bagtly çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda kämil şahsyýetleri kemala getirmek biziň — bilim işgärleriniň esasy borjumyzdyr. Ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, işleri rowaç bolsun!

Nurjan KURBANOWA,
Farap etrabyndaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.