BIZE YAZYARLAR

Çaga kalby aýnadyr

Nesil terbiýesi her bir mugallymdan uly jogapkärçiligi talap edýär. Her bir çaganyň ulaldygyça pikirleri kämilleşip başlaýar. Olaryň bilesigelijiligi artdyrmaga mekdepde we maşgalada uly üns berilýär. Mugallym okuwçysynyň her bir ujypsyzja hereketine-de, gep-sözüne ähmiýet bermeli. Onuň berýän sowallaryny anyk jogaplar bilen kanagatlandyrmaly. Jogap bermän, el salgap goýbermek nädogrydyr. Ene-atalar öýde we başga ýerlerde çaganyň gürrüňlerine, edýän hereketlerine,  ýumuşlara taýýarlanyşyna, sowallara jogap berşine gözegçilik etmelidir. Ýaş çagalarda ilkinji endikler maşgalada ýüze çykýar. Maşgala agzalarynyň gylyk-häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary ýuwaş-ýuwaşdan şol öýde terbiýelenýän çagalara geçip başlaýar.

Medeniýetli, düzgün-tertipli, birek-birege hormat goýlup ýaşalýan maşgalada terbiýelenýän çaganyň ertirki günümiziň oňat adamy bolup ýetişjekdigi ikiuçsyzdyr. Sebäbi çagada ilki adamkärçilik sypatlary maşgalada ýüze çykýar. Ol maşgala agzalaryndan nusga alýar. Ene-ata, doganlary, bu öýe gelýän adamlar biri-birleri bilen edepli, mylaýym gürrüň edýärler we daş-töweregindäkilere hormat goýýarlar. Munuň özi çaga uly täsir edýär. Şeýlelikde olar adamkärçiligiň ilkinji nusgalaryny kabul edip başlaýarlar. Şonuň üçin mugallymlar her bir çaganyň maşgalasynda üns gowşadylan bolsa, şol kemçilikleriniň üstünde işlese, oňat netije berer. Çünki çaganyň kalby edil aýna ýaly, onuň öňünde nämäni goýsaň, şonuň keşbini görkezýär.

Çagalaryň her biri gyzykly dünýä. Olaryň zehinlerini kämilleşdirmek, ukyplaryny ösdürmek ene-atanyň we mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar.

Şonuň üçin mekdepde okuw ýylynyň dowamynda oýun, bäsleşik görnüşinde geçilýän sapaklarda mugallym bilen birlikde çagalar hem dynç alýarlar.

Men hem himiýa sapagyny her gezek durmuş bilen baglanyşdyrýaryn. Biziň ýaşaýşymyzy himiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geljekde mugallymyň özleri üçin täzelik açjakdygyna ynanýan okuwçylar sapaklara uly höwes bilen gatnaşyp, geçilen möwzuklary talabalaýyk özleşdirýärler.

Tanyşdyrylyş, gezelenç, bäsleşik, oýun, gürrüň sapaklary hem okuwçylaryň dil öwrenmek endiklerini tiz ele almaklaryna ýardam edýär. Biz hem gursagy hyjuwly ýaş mugallym hökmünde hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan talaplaryna mynasyp zähmetimiz bilen jogap bereris.

Şöhle Jumaýewa,

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşen 30-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: