BIZE YAZYARLAR

Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

Ata-babalarymyzyň çaga bolan söýgüsi, olaryň  terbiýesine  bolan ynamy çäksizdir.  Türkmen halky hemme wagtlarda-da nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşipdirler. Halkymyzyň: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýmesi ýönelige däldir. Maşgala bag bolsa, perzent şol bagyň güli, miwesi. Ata-ene bolsa ösüp barýan bagyň bagbanlarydyr. Bagbanyň esasy wezipesi, ösdürip ýetişdiren miwesiniň datly, ile-güne gerekli bolmagyny gazanmakdyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, il-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr.

Çaga terbiýesinde ene-atanyň şahsy göreldesi örän wajyp bolup durýar, sebäbi çaga ene-atasynyň her bir hereketini öwrenip, şony hem gaýtalamaga çalyşýar. Bu döwür çaga daş-töwerekde bolup geçýän hereketleri tiz kabul edýär we asylly endikleri öwrenýär. Ene-ata perzendini mähir-alada bilen gurşap, onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda tutanýerlilik görkezmeli.  Çaganyň bilesigelijilik bilen berýän gutarnyksyz sowallaryna, irginsiz dogry jogap bermeli. Bu bolsa, çaganyň akylly, paýhasly, ilhalar, adam bolup ýetişmegine ýardam  berer.

Çaganyň öýde alan terbiýesi bilen mekdepdäki ýada çagalar bagyndaky terbiýesi gapma-garşylykly bolmaly däldir. Şonuň üçin maşgala bilen çagalar bagy, mekdep elmydama gatnaşykda bolmalydyr. Çaganyň gözýetiminiň giňemeginde daş-töweregini gurşaýan tebigatyň   hem täsiri uludyr. Çaga hemişe gözelligiň, agzybirligiň, ruhubelent ynsanlaryň arasynda bolmalydyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan çagalar jemgyýete tiz goşulyp, uly durmuşda mynasyp orun tapýarlar. Olar tiz ösýärler we sagdyn, ruhubelent bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän sport mekdepleri, stadionlar, sport toplumlary ýaş nesliň sagdyn ösüp ulalmagyna ähli mümkinçilikleri döredýär. Döredilýän ajaýyp mümkinçilikler her bir ene-atanyň şatlygyny goşalandyryp, milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

Biz hem geljekde ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris we il-günümize, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup yhlasly, göreldeli zähmet çekeris.

 

Aýjahan Garýagdyýewa,

Zyba Karryýewa 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň talyplary.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: