BIZE YAZYARLAR

Çaga — durmuşyň güli !

Syn edip gören bolsaňyz, çagalar uzak wagtlap gaty görüp, öýkeleşmeýärler. Derrewjik ýaraşmak, ylalaşmak bilen bolýarlar. Düýn gaharlaşyp, sögüşen ýalydyrlar welin, eýýäm bu gün gülşüp, oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörendirler. Uly ýaşly adamlaryň bolsa iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän halatlary hem bolýar. Ýüregimizde şol öňki öýke-kineleri agyr ýük edip, göterip ýörüs. Ne özümiz bagyşlaýarys, ne-de bagyşladýarys. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizdäki agyr ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlamak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa, olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr. Çagalardan öwrenmeli esasy zadymyz hem şu bolsa gerek?!

Biziň çagalar bagymyzda zähmet çekýän öz işine kämil terbiýeçiler hem körpelere ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, dostuny bagyşlamagy ündeýärler. Şol maksat bilen çagalaryň arasynda dürli maksatly çäreleri, bäsleşikleri giň gerimde  geçirýärler. Mysal üçin biz körpeleriň arasynda „Gel, dost bolaly!“, „Ulyny syla, kiçini hormatla!“, „Ýaşuly adamlara kömek edeliň!“ ýaly sorag-jogaply bäsleşikleri geçirýäris, sahnalaryň üsti bilen öwüt-ündew berýäris. Bu bolsa çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galýar. Şeýle bäsleşikler, çäreler ene-atalara hem diýseň ýaraýar. Olar biziň berýän bilim-terbiýämizden hoşal bolýarlar we bize köp sagbolsun aýdýarlar. Bu bolsa biziň çekýän zähmetimiziň datly miwesidir. Hut şonuň üçin biz geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, olaryň ata Watanymyza, arkadagly Serdarymyza wepaly adamlar bolup kemala gelmekleri ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Goý, mähriban halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

 Aýna Ýagmyrowa,

Çärjew etrabyndaky 8-nji «Serpaý» çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: