BIZE YAZYARLAR

Çaga bezegleriniň irki nusgalary

Türkmenler  hem  maşgalada  köp  çagalylygy  ileri  tutupdyrlar. Pederlerimiz  öz  çagalaryna  şaý-sepleri  bezeg, zynat  we  owadanlyk  üçin  we daşky täsirlerden goramak maksady  dakypdyr. Gyz maşgalalar bolsa 9-12 ýaşdan  başlap, şaý-sepleri  ozalkysyndan  has  köp  dakynmak  bilen, bezegler  oral  zenanlaryňka  meňzeş  bolupdyr.

Çaganyň  matadan  tikilip  taýarlanan  kelle  geýmine  dört  burçuna   guradylan  igde  çatypdyrlar. Bu  baş  gaby  «çille  topby»  diýlip, atlandyrylýar. Olaryň  tahýalaryna  hüwiniň  we  baýguşyň  ýeleklerini  berkidipdirler. Dagdan  köplenç  üçburçlyk  edilip, köýnegiň  ýakasynyň  sag  tarapyna  çatylypdyr. Kä  halatlarda  dagdanlar  arçadan, ýa-da  nar  agajyndan ýasalypdyr. Amyderýanyň  orta  akymynda  ýerleşýän  obalarda  agaç  tumarlary  ýemşen atly tikenli  gyrymsy  agaçdan, ýa-da, tutdan  bolupdyr. Käbir etraplarda dagdanlar  gumda  ösýän  borjakdan taýarlanylypdyr.

Gyzjagazlaryň  köýneginiň  ýakasynyň  iki  tarapyna  çapraz-çaňňa, oglanjygyňka  kümüş  ilik dakylypdyr. Mundan  başga-da, donjagazlaryň  eteklerini, keltekçeleriň  arka  ýüzüne, şol  sanda  donyň   ýeňini  teňňeler, uzynak  we  tegelek  kümüş  çaňňalar  bilen  bezäpdirler. Ýelek örän  bezegli  geýim  bolup, ol  köplenç  halatlarda  baýramçylyklarda, maşgala  dabaralarynda, ýa-da  myhmançylyga  gidilende, ýa-da myhman gelende  geýdirilipdir. XVIII-XIX  asyrlarda  gyzjagazlaryň  tahýasy  dürli  kümüş  teňňeler  bilen  bezelipdir, ortarasyndan  gidýän  gupbanyň  silindr  turbajygyna  hüwüniň  ýelegi  oturdylypdyr.

Zergärlerimiziň  şaý-sep  ýasanlarynda  kümüşe  ýykgyn  edendikleri  aýratyn  bellärliklidir. gara reňke   öwürilýär. Kümüş  bakteriýalary  ýok  edýär, suwy durlaýar. Hususan-da, kümüş  saglyk  üçin  peýdalydyr. Taryhdan  aýan  bolşy  ýaly  pederlerimiz  uzak  geçmişiň  dowamynda  içimlik  suwlary  gutaran  wagty, guýularyň  suwuny  süýjetmeklik  üçin  kümüş  teňňeleri  ulanypdyrlar. Şonda  kümüş  suwdaky  zäherli  maddalary  zyýansyzlandyryp, bakteriýalary  gyrypdyr.

Türkmen  zergärleri  «bezbendi» iki  gat-arasyna  çäge  guýup  ýasapdyrlar. Sebäbi  çäge  daşky täsirleriň badyny  alypdyr. Onuň  arasyna  derman  oty, güläp  suwuna  ýatyrlan  pagta  hem  dykylypdyr. Ony  dakynan  çaganyň  burnuna  ys  gelip  durar  ýaly, dört  ýerinden  deşik  deşilipdir. Şelpelerde  düwmejikleriň  sazlaşykly  sesi  islendik  adamyň, şol  sanda  degna ulgamyna  oňaýly  täsir  edipdir. Ata-babalarymyz çagalary dürli şaý-sepler, zynatlar bilen bezänlerinde olaryň saglygyna oňaýly täsir etmegi we adatdan daşry ýagdaýlarda goraglyja bolmagy göz öňünde tutupdyrlar.

Dünýägözel Haýtekowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: