Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallarynyň netijesinde, ata Watanymyzyň medenýetini, sungatyny ösdürmekde, ony dünýä çykarmakda, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde düýpli öňegidişikler gazanyldy. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.
Ýurdymyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, başarnyklaryny görkezmek üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara goldawy çäksizdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeniýet, bilim ojaklary onuň aýdyň nyşanydyr. Bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri, ýaşlary taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Berkerar döwletimizde türkmen ýaşlaryna bilim bermek, olara halypalyk etmek we ylym-bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny netijeli ýola goýmak babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmet çekmek, öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we ýaşlary ylym ojagyna atarmak her bir mugallymyň borjudyr. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde hem dürli saz gurallar boýunça kämil bilim berilýär. Halypa mugallymlar, ýaş we tejribeli mugallymlar her bir okuwçy bilen aýratynlykda işläp, saza ukyply okuwçylary ýetişdirýärler. Şeýle ýaş, tejribeli mugallymlaryň biri Dilakowa Muniradyr. Munira mugallym dünýä belli fortepiano saz guraly boýunça sapak berýär. Onlarça okuwçylara saz guralyň inçe düzgünlerini öwredýän Munira mugallym mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Atajanow Süleýman bilen bilelikde açyk sapagyny geçirdi. Sapagyň dowamynda saz eserini ( Feliks Lekuppe “Etýud”) döreden kompozitoryň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mugallym saz eseriniň žanry, häsiýeti barada aýratyn duryp geçdi. Açyk sapagyny üstünlikli geçiren Munira mugallym okuwçylary bilen erkin bäsleşikli sapaklary hem yzygiderli geçirýär. Öz kärini söýýän we edýän işinden lezzet alýan ýaş mugallym öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär.
“Dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleriniň döreden eserlerini ýaş nesle öwretmek we olary baýramçylyk sahnalarynda çykyş etdirmek biz sungat mugallymlarynyň borjudyr. Öz okuwçylarymyň saz guralyna erk edip, belli saz eserlerini ýerine ýetirmegi meni buýsandyrýar”.
Türkmen ýaş neslimize kämil derejede bilim-terbiýe bermäge, hünär öwretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge, şol sanda türkmen halypa bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň döreden eserlerini uly sahnalarda ýerine ýetirmeklik üçin döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys!
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy
Dilakowa Munira