Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallarynyň netijesinde, ata Watanymyzyň medenýetini, sungatyny ösdürmekde, ony dünýä çykarmakda, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde düýpli öňegidişikler gazanyldy. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.
Ýurdymyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, başarnyklaryny görkezmek üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara goldawy çäksizdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeniýet, bilim ojaklary onuň aýdyň nyşanydyr. Bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri, ýaşlary taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Berkerar döwletimizde türkmen ýaşlaryna bilim bermek, olara halypalyk etmek we ylym-bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny netijeli ýola goýmak babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmet çekmek, öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we ýaşlary ylym ojagyna atarmak her bir mugallymyň borjudyr. Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-inde saz teoriýasy we dürli saz gurallar boýunça kämil bilim berilýär. Halypa mugallymlar, ýaş we tejribeli mugallymlar her bir talyp bilen aýratynlykda işläp, saza ukyply talyplary, geljekki ýaş sazandalary ýetişdirýärler. Şeýle ýaş, tejribeli sazanda mugallymlaryň biri Aýgül Gowşutgulyýewadyr. Aýgül mugallym sungat mekdebiň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyplaryna we toparlaýyn sapaklaryna sazandarlyk edýär. “Kirişli saz gurallary” bölüminiň üstünliklerine şaýat bolýan, öz kärini söýýän we edýän işinden lezzet alýan ýaş mugallym öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär.
“Dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleriniň döreden eserlerini saz guralynda çalmak we olary baýramçylyk sahnalarynda ýerine ýetirmek biz sungat mugallymlarynyň borjudyr. Sungat mekdebimiziň üstünliklerine özümiň goşandymyň bardygyny bilmek we duýmak meni buýsandyrýar”.
Türkmen ýaş neslimize kämil derejede bilim-terbiýe bermäge, hünär öwretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge, şol sanda türkmen halypa bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň döreden eserlerini uly sahnalarda ýerine ýetirmeklik üçin döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys!
Aýgül GOWŞUTGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň sazandasy.

