YKDYSADYÝET

«Buýan» obasenagat toplumynda önümçiligiň depgini artýar

«Buýan» obasenagat toplumynda şu ýylyň 10 aýynda 17 müň 593  tonna çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanyldy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda buýan köküniň 2 müň 593 tonnasy arassalanylyp, baglanan önümi taýýarlanyldy. Netijede  bu baradaky meýilnama 181,3 göterim ýerine ýetirildi.  Şeýle hem, 1 müň 112 tonna buýan köküniň ekstrakty öndürildi. Onuň 574 tonnasy  üwelen külke görnüşli gury ekstrakt,  538 tonnasy bolsa,  goýy toşap görnüşli ekstraktdyr. Bu baradaky meýilnama bolsa 105,4 göterim amal edildi.

Kärhanada öndürilýän önümler Hytaýa, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine we Serbiýa eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: