YKDYSADYÝET

«Buýan» oba senagat toplumynda buýan köküniň ekstraktynyň 944 tonnasy eksporta ugradyldy

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumynda geçen on aýyň dowamynda 944 tonna buýan köküniň ekstrakty daşary ýurtlara eksport edildi.

Ýylyň başyndan bäri bu ýerde buýan ekstraktynyň 1110 tonna ýakyny öndürildi. Onuň 2,36 tonnasy bolsa içerki bazarda ýerlenildi. Galan bölegi bolsa müşderilere ugradylmagyna garaşýar.

Toplumyň hünärmenleri şu wagta çenli buýan köküniň 2592 tonnasyny ýygnadylar. Onuň 44 tonnasy daşary ýurtlara ugradyldy, 1,11 tonnasy bolsa içerki bazarda satyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: