TÜRKMENISTAN HABARLARY

Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy tassyklandy

30-njy oktýabrda geçirlen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahatynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda kabul edilen «Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy tassyklandy, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ylalaşyk Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyň («GGGI») döredilmeginiň esasy maksadyny, ykdysady ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygynyň deňagramly ösüşine garaýan täze ykdysady nusgasyny goldap, ýaýratmak arkaly, ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşine goşant goşmak hökmünde kesgitledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: