BIZE YAZYARLAR

Bütindünýä tejribesi ylmyň – ähli ösüşleriň hereketlendirijisi

Dünýäniň ady belli alymlary häzirki zaman jemgyýeti maglumat jemgyýeti diýip atlandyrýarlar, sebäbi maglumat onuň işeňňirliginiň wajyp bölegini emele getiryär. Maglumatlaşdyrma maglumat jemgyýete geçiş prosesi hökmünde adamyň ýaşaýşynyň hemme ugurlaryna degip geçdi. Täze maglumat tehnologiýalary ylmyň ösüşinde tutuş ylmy jemgyýetiň ýaşaýşynda täze sahypany açýar. Elektron poçta, kompýuter arkaly maslahatlar alymlaryň ýakyn gatnaşygyny, gyzyklanýan meseleleriň öndürijilikli ara alnyp maslahatlaşylmagyny üpjün edýär. Ylmy barlaglaryň maglumatlaşmagy – bu barlaglaryň obýektleri barada dogry bilimleriň doly we öz wagtynda alynmagyny üpjün etmāge gönükdirilen çäreleriň toplumynyň amala aşyrylmagydyr.

Bilimiň maglumatlaşmagy häzirki zaman maglumatlar ulgamynyň mümkinçiliklerinden ussatlyk bilen peýdalanyp bilýän hünärmenleri taýýarlamagyň esasy şerti bolup durýar. Bu ugurda bilimiň esasy meseleleri uly ähmiýete eýe bolýar. Bilimiň maglumatlaşmagy syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiýa we hukuk mehanizmleriň kompýuterleri, köpçülikleýin we şahsy gatnaşyklaryň serişdelerini, ulgamlaryny giňden ulanmagyň esasynda ysnyşykly baglaşdyrylmagynyň prosesidir.

Türkmenistan hem bu ugurda dünýäde bolup geçýän ösüşleriň gapdalynda durman, dürli tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny ulanmaklyga ymtylýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmeklik boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bu işleriň tiz depginlerde amala aşmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň Baştutany dünýäniň ösüşindäki ymtylyşlara üns berýär we olaryň has netijelilerini döwletimizde gerekli ugurlarda ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtly ýaşamagyna ýardam berýär we olaryň öňlerinde täze maksatlary goýýar.

Şol özgertmeler has hem ylym-bilim pudagynda aýdyň bildirýär, Bütindünýä tejribesi ylmyň – ähli ösüşleriň hereketlendirijisidigini subut edýär. Ol ýurdumyzyň mysalynda hem tassyklanyldy. «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» şygar bilen Türkmenistanda ylym babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty ýurduň ähli pudaklaryna – dolandyryşa, senagat-önümçilige, bilime, halkyň ruhy dünýäsine öz täsirini berýär.

Ýurdumyzyň islendik pudagynyň öňünde täze meseleler goýuldy. Şol meseleleri üstünlikli çözmek üçin diňe bir tehnologiýalar ýeterlikli däl. Şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenler zerur.

Häzirki wagtda kompýuterler önümçiligiň islendik pudagynda giňden ýaýrady. Şonuň üçin hem kompýuter tehnologiýalary talyplaryň haýsy hünär boýunça bilim alýanlygyna garamazdan, ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde öwredilýär.

Her bir hünäriň öz aýratynlygy bar hem bolsa, onuň kompýuter tehnikasy bilen iş salyşýan meseleleri hökman bardyr.

Binagärlik hünärini alyp görsek. Çylşyrymly çyzgylar takyklygy, dogrulygy, bezegi, köplenç, köp mukdarda bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda kompýuterde ulanylýan programmalaryň arasynda inženerçilik-çyzgy programmalar köp ulanylyşa eýe bolup durýar. Olaryň hataryna AutoCAD, 3DMAX, ArhiCAD we beýleki programmalar girýär. Olar çyzgylary tiz depginde, ýokary takyklyk bilen, ýokary derejeli bezegli we göze ýakymly edip taýýarlamagy mümkin edýär. Elde edilen çyzgydan tapawutlylykda, ýörite çap ediji gurluş arkaly islendik mukdarda çap etmegi hem-de ýalňyşlyklar ýüze çykanda tiz we arassa düzetmegi mümkin edýär.

Gurluşygyň ugurlary üçin hem bu maksatnamalar peýdaly bolýar, sebäbi diňe çyzgylary amala aşyrmakdan tapawutlylykda, olar ölçegleri goýmagy, çyzgydaky desga materialy ulanmak bilen onuň mukdaryny kesgitlemegi üpjün edýär.

Kompýuter ugry ykdysadyýetdäki çylşyrymly hasapçylyk işlerini amala aşyrmagy hem mümkin edýär. Bu ýere diňe, her kişä belli kolan Microsoft Excel programmasyny goşman, birnäçe hasapçylyk işlerini ýerine ýetirmek üçin ýörite düzülen programmalary goşmak bolýar.

Himiyanyň önümçilik proseslerini hasaplama işlerinde hem kompýuteriň ulanylýandygyny becllemek bolýar.

Nebit we gaz ugry öz içine dürli hünärleri alýan hem bolsa, olaryň hemmesiniň alyp barýan işlerinde kompýuter serişdeleri ulanylýar. Meselem, geologiýa işleriniň netijelerini işläp bejermekde GeoFrame toplumy giňden peýdalanylýar.

Görşümiz ýaly häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary häzirki zaman jemgyýetiniň alyp barýan işiniň köp ugurlarynda öz ornuny tapypdyr.

Bize şeýle ajaýyp ähli mümkinçilikleri döredip beren Türkmenistanyň hormatly Prezidentimizine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmeniň Milli Liderine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Baýgeldiýewa Sülgün

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: