BIZE YAZYARLAR

Bütindünýä saglyk güni

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni

Her ýylyň 7-nji apreli halkara derejesinde Bütindünýä saglyk güni diýlip bellenilip geçilýär. Bu sene 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk guramasynyň döredilen güni bilen baglanyşyklydyr.
Bütindünýä saglyk güni her ýyl aýratyn bir şygaryň astynda bellenilip, ol bu ýyl “Sagdynlyk ömrümize ömür goşýar” diýlip atlandyrylýar. Munuň bilen baglanyşykly dünýä ýurtlarynda geçirilýän çäreleriň ählisi hem adamlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklyga çagyrýar. Ýüz müňlerçe adamlaryň gatnaşýan Bütindünýä saglyk güni bilen baglanyşykly çärelerinde adam ömrüniň sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmak arkaly has-da uzaldylyp bilinjekdigi beýan edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet strategiýasynyň esasy özenini düzýär. Arkadag Prezidentimiziň türkmen halkyna ýapan ýene bir juda möhüm saglyk serpaýy bar. Ol hem her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe biziň ýurdumyzda hem aýratyn ähmiýetiň berilmegidir. Taryhda Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy hut şol gün güýje giripdi. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hem onuň 190 agzasynyň iň işjeňleriniň biri.
BSGG-niň Tertipnamasy ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglyga bolan hukugyny ykrar etdi. Hökümetleriň öz halkynyň saglygy üçin jogapkärçilik ýörelgesini tassyklady we ylmyň halkara howpsuzlygynyň güýçlendirilmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygy görkezildi.
Ýylda bellenilip geçirilýän Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Bu şanly sene dünýädäki adamlaryň saglygyň durmuşynda nämäni aňladýandygyny düşünip, saglyklaryny gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigini çözüp biler ýaly derejede bellenilýär.
Goý, bu ajaýyp baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlyga, bagtyýarlyga, şan-şöhrata beslesin! Goý, halkymyzyň sagdyn ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Rahbaraý JUMAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.