LUKMANÇYLYK

Burun üçin spreý «COVID-19»-yň esasy ştammlaryndan gorar

Estoniýaly alymlar «COVID-19»-yň esasy görnüşlerinden: başdaky «uhan» görnüşinden, hindistanda ýüze çykarylan «delta» görnüşinden, şonuň ýaly-da britan, günorta afrika we brazil görnüşlerinden goraýan buruna sepilýän «BioBlock» spreýini döretdiler. Bu barada «rus.postimees» portalyna salgylanmak bilen «lenta.ru» habar berýär. Hukuk nukdaýnazaryndan «BioBlock» derman serişdesi ýa-da lukmançylyk enjamy däl. Ýöne spreýiň we ol baradaky maglumatyň derman serişdeleri Departamenti we saglyk Departamenti bilen ylalaşylandygy habar berilýär. Önümiň tehnologiýasyna patent alynan. Buruna sepilýän «BioBlock» spreýi «Chemi-Pharm» tarapyndan öndürilýär we satylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: