Hojambaz etrabynyň «Burdalyk» daýhan birleşigi boýunça 711 gektar meýdanda bugdaý ekilip, 1653 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarys. Şu ýylda 1060 gektar ýerde gowaça ekildi. Häzirki wagtda ýerlerde gowy gögeriş alnyp, möwsümleýin agrotehniki çäreler gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Berekedi bilen gelen üstümizdäki ýylda «ak altynyň» 1971 tonnasyny döwlet harmanyna tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Daýhan birleşiginde şu ýyl pile tabşyrmak boýunça gowy netijeler gazanyldy. 4280 kilogram piläniň deregine dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 4305 kilogramy tabşyryldy. Häzirki wagtda miweli baglaryň irki görnüşinden hasyl almak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. 3-nji kärendeçiler toparynyň tejribeli bagbany Tahyr Pahradinowyň 2,2 gektar ýerinde miweli baglaryň 284 düýbi ekilip, şondan 190 düýbi ýokary hasyl berýän saýlama eriklerdir. Her erik agajyndan 100 kilograma çenli hasyl ýygnalýar. Şonuň ýaly-da daýhan birleşiginde gök-bakja we aralyk ekinlerden bol hasyla garaşylýar. Häzirki wagtda hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär.
“Burdalykda” yzygiderli zähmet ýeňişleri gazanylýar

08
Jun