TÜRKMENISTAN HABARLARY

Buharestiň meýdanlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wideorolikler görkezilýär

Türkmenistanyň Rumyniýadaky diplomatiki wekilhanasynyň goldamagynda Buharestiň iki meýdanynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan we Türkmenistanyň daşary syýasaty, şonuň ýaly-da ykdysadyýeti, medeniýeti, sungaty, sporty we beýlekiler barada gürrüň berýän wideorolikler görkezilýär. Bu barada TURKMENISTAN.RU internet gazeti habar berýär.
Wideorolikler Buharest şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Rumyniýa meýdançasynda», şeýle hem «Birleşen Milletler meýdanynda» ýerleşýän ekranlarda görkezilýär. Bu ýerde Rumyniýanyň hökümet edaralarynyň we döwlet guramalarynyň köpüsi ýerleşýär.
Bu wideoroligiň görkezilişi noýabr aýynda dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply