TÜRKMENISTAN HABARLARY

Buharadaky hünärmentçilik merkezi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ynam bildirýär

Buhara şäherindäki «Nakşband» hünärmentçilik merkeziniň ýolbaşçysy Akmal
Muhiddinow özleri üçin türkmenistanly hyzmatdaşlary gözleýändigini aýtdy. Ol
şu gün Türkmenabatda başlanan Özbegistanyň milli harytlarynyň sergisinde
«Jeyhun.news»-yň habarçysyna interwýu berdi.
― Şu gezekki saparyň çäklerinde iri çäreleriň ikisine gatnaşmak bizde çäksiz
kanagatlanma duýgusyny döredýär. Öz önümlerimiz bilen Aşgabat şäherinde
geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerine hem gatnaşdyk.
Indi indi bolsa milli harytlarymyzyň sergisinde özümize aýrylan bölümde täze
hyzmatdaşlarymyzy gözleýäris. Häzirki wagtda biz önümlerimizi Ýer ýüzüniň 20-
den gowrak döwletine çykarýarys. Şu gezekki sergi bize türkmenistanly
hyzmatdaşlary hem tapmaga ýardam berer diýip pikir edýäris ― diýip, myhman
meýillerini mälim etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: