Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde bugdaý oragyna badalga berildi.

Ilki bilen welaýat, etrap häkimleriniň, olaryň orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, agrosenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Il sylagly ýaşulular: «Bismilla» diýip, ilkinji bogunlary oranlaryndan we oraga ak pata berenlerinden soň kuwwatly kombaýnlar atyza girdiler we galla oragyna başladylar.

Geçen ýylyň güýzünde welaýat boýunça 130 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekildi we onda bol hasyl ýetişdirildi. Şu möwsümde daýhanlar  310 müň tonna guşgursak bugdaý almagy göz öňünde tutýarlar.

Orak döwründe welaýat boýunça «Jon Deere», «Class», «Case» kysymly kombaýnlaryň 400 töweregi bugdaý ormaga gatnaşdyrylar. Däneleri kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin awtoulaglaryň 2200-sini çekmeklik göz öňünde tutulýar. Ýüze çykan ýagdaýynda, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň näsazlyklaryny çalt düzetmek üçin tehniki kömek toparlary döredildi.

Galla oragynda işlejek hünärmenler üçin iş şertlerini döretmek, olaryň dynç alşyny guramak hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek meseleleri hem gündelik gözegçilikde saklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: