YKDYSADYÝET

Bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň başlanjak günleri belli boldy

Türkmenistanyň Preizdenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde ýurda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişilmeli günleri kesgitläp berdi.

Döwlet Baştutanynyň taryhy bilen ýurduň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem bugdaý ekişine 6-njy sentýabrda girişiler. 9-njy sentýabrda bolsa gündogar sebitiň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymyna girişerler.

Lebap welaýatynda bu ekinleriň ikisiniň hem ekilýän meýdany 130 müň gektara çenli uzaýar. Welaýatda oba hojalyk möwsümleriniň ikisini hem ýokary derejede geçirmek üçin döwrebap tehniki mümkinçilikler bar.