- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Bugdaý ekişine badalga berildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde bugdaý ekişine badalga berildi.

Ozaldan gelýän däbe görä, bu ýerde welaýat, etrap häkimleriniň, olaryň orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, agrosenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Il sylagly ýaşulular: «Bismilla» diýip, topraga ilkinji tohumlary taşlanlaryndan we ak pata berenlerinden soň gutulary tohumdan doldurylan ekijili traktorlar atyza girdiler we ekişe girişdiler.

Bu ýyl bir ýüz otuz müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň ýerli bölümlerinde ýigrimi dokuz müň üç ýüz otuz tonna tohumlyk bugdaý taýýarlanyldy. Bölünip berlen ýerlere dänelik ekiniň «Kalym», «Ýuka», «Bagrat», «Batko», «Ýolöten», «Wassa», «Nota» ýaly sortlary ekiler. «Kalym», «Ýuka», «Bagrat» üçin elli dokuz müň gektara ýakyn ýer bölünip berildi. Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar däneçilik institutynda seçgiden alnan bu sortlar ýerli toprak we howa şertlerine uýgunlaşanlygy we hasyllylygy bilen özüni gowy görkezdiler. Şonuň ýaly-da, birinji gezek türkmen hünärmenleri tarapyndan alnan «Garaşsyzlyk» sorty hem, onuň tohumyny bir müň iki ýüz ýetmiş gektar meýdana sepmek we alymlaryň gözegçiliginde synag etmek göz öňünde tutulýar.

Ekiş döwründe welaýat boýunça üç ýüz gowrak ekijiden, şonuň ýaly-da beýleki tehnikalardan netijeli peýdalanylar. Ýüze çykan ýagdaýynda, traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň näsazlyklaryny çalt düzetmek üçin tehniki kömek toparlary döredildi. Tohumlary daşamak üçin bolsa «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň ulaglary çekilýär.

Lebaply gallaçylaryň öňünde indiki ýyl üç  ýüz on müň tonna bugdaý hasylyny ýetişdirmek we ýygnap almak wezipesi dur.